Turkmenportal logo
21.01.26
1512415124
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gubadag etrabynda optiki-süýümli geçirijileriň 100 kilometrden gowragy çekildi

Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynda uzak durumlylygy, geçirijilik göwrüminiň giňligi we hyzmatynyň ygtybarlylygy bilen tapawutlanýan optiki-süýümli geçirijileriň 100 kilometrden gowragy çekildi. Munuň özi şäher we oba ilatyna edilýän aragatnaşyk hyzmatynyň hiliniň ýokarlanmagyna hem-de möçberiniň artmagyna mümkinçilik berýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Etrapda ilatyň öý telefonlaryna bolan islegini doly kanagatlandyrmak babatynda hem göwnejaý işler alnyp barylýar. Geçen ýylyň dowamynda etrabyň çäginde täze telefon nokatlarynyň 500-e golaýy oturdyldy, etrap merkezindäki hojalyklaryň 50-den gowragy aragatnaşyk ulgamyna birikdirildi. Häzirki wagtda şäherde telefon nokatlarynyň 3 müňden gowragy işleýär. Aragatnaşyk hyzmatynyň gerimi oba ilatyny hem giňden gurşap alýar.

Etrabyň Baýdak geňeşliginiň Çüýrükgala obasynda täze telefon geçirijileri çekilip, geňeşligiň çägindäki bekede birikdirildi. Şu geňeşligiň Gultakly obasyndaky aragatnaşyk bekedi ilata edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmaga täze şertleri döretdi. Yzygiderli alnyp barylýan toplumlaýyn işler etrapdaky 5 müňden gowrak telefon nokadynyň ýylyň bütin dowamynda göwnejaý işlemegine, ilata edilýän aragatnaşyk hyzmatlarynyň görnüşlerini we möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berýär.