Turkmenportal logo
21.01.26
1246812468
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Merkezi Garagumyň Zäkli-Derweze diýen ýerinde täze senagat ähmiýetli kükürtsiz gaz akymy alyndy

Nebitgaz gözleýjiler «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji aýyny zähmet üstünliklerine besleýärler. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, «Türkmengeologiýa» döwlet korparasiýasynyň burawlaýjy hünärmenleri tarapyndan geologiki taýdan merkezi Türkmenistan gazly sebitiň Merkezi Garagumyň Zäkli-Derweze diýen ýerinde nebit meýdanyny we hasaplama görkezijilerini anyklamak maksady bilen gözleg-agtaryş işleriniň esasynda taslama çuňlugy 1 müň 200 metr bolan guýusy burawlanyp, 9 sany aralykda synag işleri geçirildi. Olaryň 8-siniň gazlylygy anyklanyldy.

Guýuda geçirilen synag işleri netijesinde 1136, 1134 metr aralykdan bir-gije gündiziň dowamynda gaz akymy 284 müň kub metr bolan senagat ähmiýetli kükürtsiz gaz akymy alyndy. Bu guýudan alynan «mawy» ýangyjyň tebigy taýdan arassa kükürtsiz bolmagy hasam guwandyryjy we bellärliklidir. Ýatagy gaz gorlary bilen bilelikde «Türkmengaz» döwlet konsernine tabşyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.