Turkmenportal logo
19.12.25
2598125981
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Magtymguly Pyragy» filmi Moskwanyň «Illýuzion» kinoteatrynda görkeziler

19 — 23-nji dekabr aralygynda Moskwanyň «Illýuzion» kinoteatrynda ilkinji Açyk Ýewraziýa kino baýragy — «Göwher kebelek» («Бриллиантовая бабочка») bäsleşigine gatnaşýan filmleriň mugt görkezilişleri geçiriler. Çäräni Russiýanyň Medeniýet ministrliginiň we ROSKINO-nyň goldaw bermeginde Russiýanyň Medeniýet gaznasy guraýar diýip, kino.mail.ru habar berýär.

Görkeziljek filmleriň maksatnamasynda «Göwher kebelek» baýragyna hödürlenen «Magtymguly Pyragy» atly (2024) bilelikdäki türkmen-özbek filmi hem bar. Režissýor Muzaffarhan Erkinowyň surata düşüren bu filmi XVIII asyryň görnükli türkmen şahyry we pelsepeçisi Magtymguly Pyragynyň durmuşy we döredijiligi barada gürrüň berýär. Film 21-nji dekabrda sagat 17:00-da görkeziler.

Filmiň dowamlylygy — 106 minut, tomaşaçy çäklendirmesi — 18+. Film asyl dilinde, rus subtitrleri bilen görkeziler.

«Magtymguly Pyragy» filminden başga-da, tomaşaçylar baýraga hödürlenilen  ýene-de dört filme tomaşa edip bilerler: rus filmi «Bir durmuşda ikisi, iti hasaba almasaň» (19-njy dekabr), belarus filmi «Gara gulp» (20-nji dekabr), hytaý filmi «Akymyň garşysyna» (22-nji dekabr) hem-de gyrgyz-rus bilelikdäki filmi «Eje bilen tans ediň!» (23-nji dekabr).

Ähli seanslara giriş mugt. Diňe öňünden bellige aldyrmak ýeterlik.