«S7 Airlines» awiakompaniýasy 16-njy dekabrdan başlap Aşgabat – Moskwa ugry boýunça uçar gatnawlarynyň sanyny hepdede ýediden dokuza çenli artdyrar. Goşmaça gatnawlar 2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyryna çenli amala aşyrylar diýip, awiakompaniýanyň petekleriniň satuwy boýunça Türkmenistandaky resmi agenti «DN Turs» kompaniýasy habar berdi.
«Awiakompaniýanyň Türkmenistandaky resmi agentiniň habar bermegine görä, 2025-nji ýylyň 16-njy dekabryndan 2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyryna çenli Aşgabat – Moskwa – Aşgabat ugry boýunça hepdäniň dowamynda iki sany goşmaça gatnaw girizilýär. Gündelik uçar gatnawlaryna goşmaça, täze iki gatnaw sişenbe we penşenbe günleri amala aşyrylar» diýip, habarda bellenilýär.
«S7 Airlines» 2008-nji ýyldan bäri Moskwa – Aşgabat ugry boýunça yzygiderli uçar gatnawlaryny amala aşyryýar. Häzirki wagtda bu ugur boýunça hepdede ýedi gatnaw amala aşyrylýar.
