Patyşa Sejong adyndaky merkeziň direktory Mylaýym Hudaýnazarowa koreýleriň halk lukmançylygy boýunça okuwa gatnaşýan türkmen lukmanlary üçin koreý dili boýunça sapak geçdi. Çäre hünär taýýarlygynda we lukmançylyk adalgalary bilen işleşmekde türkmen lukmanlary üçin zerur dil başarnyklaryny özleşdirmeklige gönükdirildi.
Sapaga gatnaşanlar XV asyrda Patyşa Sejong tarapyndan döredilen koreý ýazuw ulgamy — hangyl ýazuwynyň esaslaryny içgin öwrendiler.
Lukmanlar koreý elipbiýiniň gurluşyny öwrenip, esasy sözleri okamagy hem-de lukmançylyk we gündelik aragatnaşyk saklamak üçin birnäçe hünär söz düzümlerini özleşdirdiler.
Sapak interaktiw görnüşde, görkezme esbaplaryň, amaly gönükmeleriň we dialoglaryň ulanylmagy bilen geçirildi. Şeýle çemeleşme diňleýjilere dogry sözlemegi we lukmançylyk leksikasyny özleşdirmäge mümkinçilik berdi. Dil taýýarlygyndan başga-da, gatnaşyjylar koreý medeniýetiniň düzüm bölekleri we hünär aragatnaşygynyň aýratynlyklary bilen tanyşdylar. Bu bolsa daşary ýurtly kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyk etmekde we Koreýada iş tejribesini geçmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Sapaga gatnaşyjylaryň gürrüň bermeklerine görä, dil sapaklary koreý hünärmenleriniň leksiýalarynyň mazmunyny has gowy düşünmäge, hünär edebiýatlary bilen işleşmäge we alnan bilimleri amaly işde netijeli ulanmaga ýardam edýär.
