Turkmenportal logo
20.08.25
2450724507
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan GDA ýurtlarynyň hemişelik wekilleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy

19-njy awgustda Minsk şäherindäki GDA-nyň baş edarasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň GDA-nyň düzgünnamalaýyn we beýleki edaralaryndaky hemişelik ygtyýarly wekilleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.


Türkmenistanyň tarapyndan GDA-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Nazarguly Şagulyýew bu mejlise Geňeşiň bilelikdäki başlygy hökmünde gatnaşdy.


Mejlisiň dowamynda hemişelik wekiller GDA-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşi, hökümet baştutanlarynyň Geňeşi we döwlet baştutanlarynyň Geňeşi üçin nobatdaky mejlisleriň gün tertibiniň taslamalaryny taýýarladylar — diýip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň resmi saýtynda habar berilýär.


GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi 29-njy sentýabrda Minskde geçiriler. Bu ýerde wekiliýetleriň ýolbaşçylary ylmy-tehnologik hyzmatdaşlyk, ykdysady pudaklaryň sanlylaşdyrylmagy we GDA-nyň geljekki 5 ýyl üçin ykdysady ösüş strategiýasy bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.


GDA-nyň daşary işler ministrleriniň we döwlet baştutanlarynyň Geňeşleriniň nobatdaky mejlisleri bolsa 9-njy we 10-njy oktýabrda Duşenbe şäherinde geçiriler. Sammitde hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça pikir alyşmak, şeýle hem Adam hukuklary boýunça komissiýanyň işiniň hukuk goraýjy ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça meselelere garalmagyna garaşylýar.


Mundan başga-da, döwlet ýolbaşçylaryna birnäçe bilelikdäki beýannamalary — şol sanda Çernobyl atom elektrik stansiýasyndaky heläkçiligiň 40 ýyllygy, BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy we hukuk goraýjy meseleler bilen baglanyşykly başlangyçlar boýunça beýannamalary kabul etmek teklip ediler.


GDA-nyň düzgünnamalaýyn we beýleki edaralaryndaky hemişelik ygtyýarly wekilleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň 16-njy sentýabrda geçirilmegi meýilleşdirilýär — diýip, çeşmede bellenilýär.