Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyzystanda geçirilýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň liderleriniň resmi däl konsultatiw duşuşygynda mälim etdi.
«2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär. Ýurdumyz bu möhüm çärä uly jogapkärçilik bilen çemeleşýär we öňde boljak sammitiň ýokary derejede, mazmunly hem-de netijeli geçirilmegi üçin ähli zerur çäreleri görýär» — diýip, döwlet Baştutany belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň sözlerine görä, duşuşygyň gün tertibiniň taslamasy gatnaşyjy döwletlere eýýäm iberildi. Onda bäş esasy ugur göz öňünde tutulýar. Şolaryň hatarynda sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, Merkezi Aziýa döwletleri bilen Azerbaýjanyň arasyndaky syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, energetika hem-de ulag-logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek ýaly ugurlar bar.
Gün tertibiniň aýratyn bölegi daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, Amyderýanyň we Syrderýanyň suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, şeýle hem Aral deňzini dikeltmek boýunça tagallalary utgaşdyrmak meselelerine bagyşlanar. Mundan başga-da, medeni, bilim we ylmy hyzmatdaşlygy, şol sanda talyp hem-de ýaşlar alyş-çalyş maksatnamalaryny giňeltmek meselelerine hem garalmak meýilleşdirilýär.
Serdar Berdimuhamedow sammite taýýarlyk görülýän hem-de onuň geçirilýän günlerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birnäçe ugurdaş halkara forumlaryň we medeni çäreleriň guraljakdygyny nygtady.
Türkmenistanyň Prezidenti, şeýle hem, Azerbaýjany konsultatiw duşuşyklaryň formatyna doly hukukly agza hökmünde goşulmagy bilen gutlady. Şeýle çözgüt geçen ýyl Daşkent şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň duşuşygynda kabul edilipdi. Döwlet Baştutanynyň bellemegine görä, gatnaşyjy ýurtlaryň sanynyň alty döwlete ýetirilmegi sebit döwletleri bilen Azerbaýjanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam berer.