Turkmenportal logo
Düýn 12:12
1044010440
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hazar deňziniň türkmen böleginde tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlar boýunça okuw türgenleşigi geçirildi

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy jogapkär ýerine ýetiriji hökmünde Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda we beýleki dürli maksatly desgalarda tehnogen heläkçilikleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça toplumlaýyn türgenleşik okuwy geçirildi. Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň 2026-njy ýylyň iş meýilnamasyna laýyklykda geçirilen toplumlaýyn türgenleşik okuwy üç tapgyrda geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy habar berdi.

Türgenleşik okuwynyň meýilnamasyna laýyklykda Türkmenbaşy şäherinde Hazar deňziniň türkmen böleginde gurnalan nebit-gaz gazyp çykarýan «Jygalbeg» käniniň Ždanow-A platformasynda nebit dökülmesi ýüze çykýar.

Ýüze çykan adatdan daşary ýagdaýlaryň ýaramaz netijelerini aradan aýyrmak we olaryň zyýanlaryny peseltmek boýunça Raýat goranyşynyň ýolbaşçy düzümleri Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň dolandyryş merkezine ýygnanyşýarlar we anyk wezipeler kesgitlenýär hem-de degişli çözgütler kabul edilýär.

Geçirilen toplumlaýyn türgenleşik okuwy boýunça Raýat goranyşynyň başlygy tarapyndan Hazar deňzinde ýüze çykyp biljek tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlarda ýerine ýetirmeli hereketleri anyklamak hem-de çözgütleri kabul etmek boýunça «Taýýar» diýilip ýokary baha berildi.