Turkmenportal logo
Düýn 10:30
1051710517
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň liderleri Çolpon-Atada golf klubunyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar

Çolpon-Ata şäherine amala aşyrylan saparyň çäklerinde Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Azerbaýjanyň prezidentleri Gyrgyzystanda halkara ölçeglerine laýyk gelýän ilkinji golf klubunyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Bu barada kun.uz habar berýär.

Dabaranyň dowamynda döwlet baştutanlary täze toplumyň döwrebap sport we syýahatçylyk düzümleri bilen tanyşdylar. Bellenilişi ýaly, golf klubunyň açylmagy sebitde bu sport görnüşiniň giňden ýaýramagyna hem-de sport syýahatçylygynyň ösdürilmegine ýardam berer.

Prezidentler gyrgyz tarapyny täze desganyň ulanmaga berilmegi bilen gutlap, ýurduň syýahatçylyk kuwwatyny ösdürmäge gönükdirilen taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegini arzuw etdiler.