Ýaponiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy öz resmi saýtynda 1970-nji ýylda geçirilen Expo Bütindünýä sergisiniň hatyrasyna döredilen «JEC Fund» gaznasy tarapyndan yglan edilen täze grantlaryň bäsleşigine badalga berlendigini mälim etdi. Grant bäsleşigine arzalar 2026-njy ýylyň 1-30-njy sentýabr aralygynda kabul ediler. Maksatnamanyň 2027-nji maliýe ýyly üçin umumy býujeti takmynan 135 million ýen möçberinde bolup, bir taslama üçin berilýän grantyň iň ýokary möçberi 5 million ýene deňdir.
Grant bäsleşigine aşakdakylar gatnaşyp biler: milli hökümetler, ýerli häkimiýet edaralary we jemgyýetiň bähbidine gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirýän guramalar.
Aşakdakylar bu bäsleşige gatnaşyp bilmeýärler: şahsy taraplar we täjirçilik kompaniýalary.
Bäsleşigiň çäklerinde aşakdaky ugurlar boýunça taslamalara goldaw berilýär:
Halkara medeni hyzmatdaşlyk – medeni alyş-çalyş maksatnamalary, dürli çäreler hem-de ýurtlaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen taslamalar.
Bilim başlangyçlary – bilim we akademiki ylmy-barlag ulgamyndaky taslamalar;
Ylmy taslamalar – halkara özara düşünişmegi ösdürmäge gönükdirilen ylmy-barlag işleri.
Bäsleşige gatnaşmagyň şertleri barada jikme-jik maglumat bilen degişli salgylanma arkaly tanşyp bolýar.
«JEC Fund» gaznasy Osakada 1970-nji ýylda geçirilen Expo Bütindünýä sergisinden alnan girdejileriň hasabyna döredilip, köp ýyllardan bäri halkara medeni alyş-çalyşy, bilimi we ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen taslamalary goldap gelýär.