Turkmenportal logo
Düýn 09:20
47124712
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Çemmerli» gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alyndy

Merkezi Garagumda ýerleşýän «Çemmerli» gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alyndy. Bu barada TDH habar berdi.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Döwletabatgazçykaryş» müdirliginiň buýurmasy esasynda, «Türkmengazburawlaýyş» müdirligi tarapyndan «Çemmerli» gaz känini özleşdirmegiň çäginde 265 belgili baha beriş-ulanyş guýusy 1 müň 200 metr çuňluga burawlanyp, onuň 1 müň 114 — 1 müň 110 metr aralygyndan synag işleriniň netijesinde bir gije-gündizde senagat ähmiýetli 150 — 200 müň kub metrden gowrak tebigy gazyň akymy alyndy. 

Merkezi Garagum gazly künjeginde ýerleşýän «Çemmerli» käninde tebigy gazyň täze akymynyň alynmagy pudagyň işgärleriniň we hünärmenleriniň Garaşsyzlyk baýramyny zähmet ýeňişleri bilen garşylamak ugrundaky tagallalarynyň aýdyň netijesidir diýlip habarda bellenilýär.

«Çemmerli» gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alyndy | Turkmenportal.com