Turkmenportal logo
Düýn 14:42
91089108
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň wekiliýeti Bangkokda geçirilen OEWG-48 mejlisine gatnaşdy

13 — 17-nji iýul aralygynda Bangokda Taraplaryň açyk düzümleriniň Iş toparynyň (OEWG-48) mejlisi we Ozon gatlagyny dargadyjy maddalar boýunça Monreal teswirnamanyň Taraplarynyň adatdan daşary 6-njy mejlisi geçirildi. Onuň işine Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy.

Duşuşyklaryň barşynda döwletleriň wekilleri Monreal teswirnamany we Kigali düzedişini mundan beýläk-de durmuşa geçirmegiň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Döwletleriň wekilleri ozon gatlagyny goramak hem-de Kigali düzedişiniň ýerine ýetirilişi bilen bagly işjeň ylmy, tehniki we guramaçylyk meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Howadaky sazlaýjy maddalaryň sebitleýin gözegçiligini güýçlendirmäge, sowadyjy we howa degişli enjamlarynyň energiýa täsirliligini ýokarlandyrmaga, şeýle-de ozon gatlagyny goramak babatyndaky kanunçylygy kämilleşdirmäge aýratyn üns berildi.

Mejlisiň dowamynda sowadyjy serişdeleriň dikeldilmeginiň, gaýtadan işlenilmeginiň we howpsuz ýok edilmeginiň, sowadyjylyk pudagynyň hünärmenlerini taýýarlamak we sertifikatlaşdyrmak işiniň, durnukly sowatmak işinde tebigy sowadyjy serişdeleriň we täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyň meselelerine seredildi.

Duşuşyklaryň çäklerinde 2026-njy ýylyň noýabr aýynda Ruandanyň Kigali şäherinde geçiriljek Monreal teswirnamanyň Taraplarynyň 38-nji Mejlisine taýýarlyk görmek boýunça geňeşmeler geçirildi. Onuň çäklerinde Kigali düzedişiň kabul edilmeginiň 10 ýyllygynyň bellenilmegi meýilleşdirilýär.