Turkmenportal logo
Düýn 16:31
87188718
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dünýä çempionatynyň finalynyň öňüsyrasynda Nýu-Ýorkyň ýaşaýjylaryna tüsseli howa sebäpli öýde galmak maslahat berildi

Ýekşenbe güni geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň Argentina bilen Ispaniýanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky final duşuşygynyň öňüsyrasynda Nýu-Ýork we Nýu-Jersi sebitlerinde howanyň hili ep-esli ýaramazlaşdy. Muňa goňşy Kanada döwletindäki tokaý ýangynlary sebäpli ýaýran tüsse sebäp boldy. Tüsse tutuş sebiti gurşap alyp, asmany çal reňke öwürdi.

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän maglumatlaryna görä, sebitde howanyň hiliniň görkezijisi (AQI) 151–200 bal aralygynda saklanýar. Bu bolsa Nýu-Ýorkyň Daşky gurşawy goramak müdiriýeti tarapyndan «gowy» howa hili hökmünde kesgitlenýän 0–50 bal aralygyndan ep-esli ýokarydyr.

Howanyň hapalanmagy boýunça bilermen Maýkl Petroni «New York Post» neşirine beren beýanatynda şeýle şertlerde bir günüň dowamynda dem almagyň takmynan 10 sany çilim çekmek bilen deňeşdirip boljakdygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, hapalaýjy maddalaryň örän ownuk bölejikleri gan aýlanyşygyna aralaşyp, immun ulgamyna ýaramaz täsir edýär. Şeýle täsiriň uzak dowam etmegi bolsa düwnük we ýürek-damar keselleriniň döremek howpuny ýokarlandyrýar.

Ýerli ýaşaýjylara ýagdaý kadalaşýança açyk howada bolýan wagtyny çäklendirmek we güýçli beden işjeňliginden saklanmak maslahat berildi. Argentina bilen Ispaniýanyň arasyndaky final duşuşygy ýekşenbe güni Nýu-Jerside geçiriler.