Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy şu ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasyna saýlawlar üçin Türkmenistanda bäş saýlaw uçastogyny döreder. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky wagtlaýyn ynanylan wekili Pýotr Şukin habar berdi — diýip, RIA Nowosti agentligi mälim etdi.
«Saýlaw uçastoklary Türkmenistanyň ähli bäş sebitinde açylar. Russiýanyň raýatlary Aşgabatda, Türkmenbaşyda, Türkmenabatda, Maryda we Daşoguzda ses berip bilerler» — diýip, diplomat aýtdy.
Pýotr Şukin ses bermegiň wagty we agzalan şäherlerde saýlawlaryň geçirilişi bilen bagly goşmaça maglumatlaryň soňrak yglan ediljekdigini nygtady.
Türkmenistanda bolýan Russiýa Federasiýasynyň raýatlary ses bermäge gatnaşyp bilerler. Munuň üçin ses bermäge hukugyny tassyklaýan Russiýa Federasiýasynyň raýatynyň pasportyny görkezmek zerurdyr.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda Döwlet Dumasynyň IX çagyrylyşynyň deputatlaryny saýlamak boýunça saýlawlar bellenildi. Döwlet Dumasy Russiýanyň Federal Ýygnagynyň aşaky palatasydyr. Ol federal kanunlary kabul edýär, federal býujeti tassyklaýar we Hökümetiň başlygyny bellemek üçin Prezidente razylyk berýär. Döwlet Dumasynyň düzümine bäş ýyl möhlet bilen saýlanýan 450 deputat girýär. Olaryň ýarysy bir mandatly saýlaw okruglary boýunça, galan ýarysy bolsa syýasy partiýalaryň sanawlarynyň esasynda saýlanýar.