Turkmenportal logo
Düýn 14:40
1054810548
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow Tbiliside Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Şu gün Tbiliside döwlet saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzeniň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.

Hökümet binasynda geçen ikiçäk duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, häzirki ýagdaýlary we geljegi nazara almak bilen, onuň esasy ugurlaryny kesgitlediler. Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Gruziýanyň Hökümetiniň Baştutany özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşdylar. Hususan-da, Serdar Berdimuhamedow syýasy-diplomatik ugurda, halkara guramalaryň çäklerinde yzygiderli dialogy dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, Premýer-ministr Irakliý Kobahidzeniň Türkmenistana amala aşyran saparlarynyň netijelerine ýokary baha berdi.

Gepleşikleriň dowamynda ulag-logistika pudagy esasy strategik ugurlaryň biri hökmünde görkezilip, türkmen tarapynyň gruziýaly hyzmatdaşlara Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň, Günorta Aziýanyň bazarlaryna çykmaga kömek bermäge, «Hazar deňzi — Gara deňiz» baglanyşygyny üpjün etmäge, «Lapis Lazuli», TRACECA geçelgelerini işjeňleşdirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy tassyklanyldy. Energetika, aragatnaşyk, kommunikasiýa, syýahatçylyk, oba hojalygy, dokma senagaty, gurluşyk pudaklarynda hem Gruziýa bilen gatnaşyklary ýola goýmagyň gowy mümkinçilikleri bar.

Gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti we Gruziýanyň Premýer-ministri ýokary derejeli duşuşygyň netijeleri boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.