Turkmenportal logo
Düýn 14:08
96429642
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Tbiliside ýerleşýän Gahrymanlar meýdançasyna gül dessesini goýdy

Gruziýada döwlet saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow saparynyň ikinji gününde Tbiliside ýerleşýän Gahrymanlar meýdançasyna gül goýdy. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň azatlygy we jebisligi ugrunda pida bolan gahrymanlaryň atlary ýazylan ýadygärlige gül dessesini goýup, Watan üçin göreşijileri hatyralady.

Gahrymanlar meýdançasynyň merkezinde ýerleşýän Gahrymanlar ýadygärliginiň beýikligi 51 metr bolup, ol dürli ýyllarda Watanyň azatlygy ugrunda baş goýanlaryň 4 müňden gowragynyň ady ýazylan 16 sany mermer plitasyndan ybaratdyr.

2010-njy ýylyň maýynda bolsa meýdançanyň çäginde Gruziýanyň garaşsyzlygy, döwlet bitewüligi ugrunda pida bolanlaryň hatyrasyna ýörite ýadygärlik açyldy.