Turkmenportal logo
Düýn 12:34
48804880
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan öndürýän dokma önümleriniň 80 göterime golaýyny eksport edýär

Türkmenistan her ýyl 130 müň tonnadan gowrak taýýar dokma önümini öndürýär we onuň 80 göterime golaýy daşary ýurtlara eksport edilýär. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Tbilisi şäherinde geçirilen Türkmen-gruzin işewürlik forumynda eden çykyşynda mälim etdi. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet baştutany: «Türkmenistanda öndürilýän taýýar dokma önümleriniň möçberi ýylda 130 müň tonnadan geçýär. Öndürilýän dokma önümleriniň umumy möçberiniň 80 göterime golaýy bolsa eksporta iberilýär» diýip belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň nygtamagyna görä, ýurtda ykdysadyýetiň hususy pudagy hem netijeli ösdürilýär. Soňky ýyllarda gurluşyk, metal, plastik, kabel we elektrotehnika önümleriniň giň gerimli önümçiligi ýola goýuldy. Şeýle hem döwlet baştutany goýulýan maýa goýumlary we hususy pudagyň ösdürilmegi netijesinde obasenagat toplumynyň hem eksport kuwwatynyň barha artýandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa azyk önümlerini esasy iberijileriň (üpjün edijileriň) birine öwrüldi.