Gruziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky ýakyndan hyzmatdaşlyk iki sebitiň arasyndaky söwdany we maýa goýumlary mundan beýläk-de işjeňleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe bolar. Bu barada Gruziýanyň maliýe ministri Laşa Hutsişwili Türkmen-gruzin işewürlik forumynda eden çykyşynda aýratyn belledi. Ministr iki ýurduň arasyndaky söwda we maýa goýum gatnaşyklarynyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtap, guralan bu işewürlik forumynyň iki ýurduň hem hususy pudagynyň ösmegine, telekeçileriň arasynda täze hyzmatdaşlyk köprüleriniň gurulmagyna güýçli itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Gruziýanyň exclusivenews.ge saýtynda habar berlişi ýaly, çykyşynyň dowamynda Gruziýanyň hökümeti tarapyndan amala aşyrylýan üstünlikli ykdysady we maliýe syýasatyna ünsi çeken maliýe ministri ýurduň maliýe görkezijileriniň durnukly hem-de sagdyn derejede galýandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, soňky 5 ýylda Gruziýanyň ýyllyk ortaça ykdysady ösüşi 9,3 göterimden geçdi, şu ýylyň ilkinji 5 aýynyň görkezijileri boýunça bolsa bu san 7,8 göterime deň boldy. Şeýle hem maliýe durnuklylygyny üpjün etmek ugrunda alnyp barlan netijeli işleriň netijesinde, 2025-nji ýylyň ahyryna çenli hasabat döwrüniň defisiti iň pes derejä, ýagny 2,6 göterime, maliýe defisiti bolsa 1,4 göterime çenli azaldyldy.
Üstünlikli amala aşyrylan maliýe we ykdysady syýasatynyň Gruziýa soňky onýyllygyň dowamynda jemi içerki önüminiň 7-8 göterimini göni maýa goýum çykdajylaryna gönükdirmäge şert döredendigini aýdan Laşa Hutsişwili munuň hasabyna gündogar-günbatar ýokary tizlikli awtomobil ýoly, täze energiýa geçiriji torlar hem-de demir ýol düzümini täzelemek ýaly iri infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilenini mälim etdi. Ol bu döwrebap şertleriň Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň özara baglanyşygyny üpjün etmekde we geçirijilik ukybyny has-da artdyrmakda iň möhüm strategik orun eýeleýändigini beýan etdi.
Bulardan başga-da, maliýe ministri sebit derejesindäki infrastruktura taslamalarynyň ähmiýetine, aýratyn-da energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada durup geçdi. Gruziýanyň häzirki wagtda Gara deňziň aşagyndan geçýän kabeli gurmak taslamasynyň üstünde işjeň işleýändigini mälim eden Hutsişwili bu desganyň Günorta Kawkazyň elektrik toruny Gruziýanyň üsti bilen Ýewropanyň energiýa ulgamyna birikdirjekdigini we munuň sebit üçin düýbünden täze mümkinçilikleri açjakdygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, bu taslama geljekde Merkezi Aziýa ýurtlary, şol sanda Türkmenistan bilen baglanyşykly başlangyçlary durmuşa geçirmek arkaly täze, kuwwatly energiýa Hazarüsti halkara geçelgesiniň emele gelmegini üpjün etmekde täze mümkinçilikleri döreder.