«ORBE FZE» kompaniýasy 2021-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň çäginde «Castrol» önümleriniň resmi eksklýuziw distribýutory hökmünde çykyş edip, senagat, täjirçilik we awtomobil pudaklary üçin ýaglaýjy materiallaryň doly toplumynyň yzygiderli getirilmegini üpjün edýär.
Kompaniýadan habar berişleri ýaly, «ORBE FZE» diňe bir sargytlaryň bellenilen wagtda eltilmegini guramak bilen çäklenmän, eýsem, müşderilere tehniki goldawy hem-de önümleri saýlap almak boýunça professional maslahatlary hödürleýär.

Kompaniýanyň Türkmenistandaky esasy söwda hyzmatdaşlary «TM Motors» hojalyk jemgyýeti we telekeçi Hüseýin Çelik bolup durýar — ýurduň çäginde «Castrol» önümleriniň lomaý söwdasy hut şu hyzmatdaşlar arkaly ýola goýuldy.
Söwda hyzmatdaşlary bolan «TM Motors» kompaniýasynyň we telekeçi Hüseýin Çeligiň edarasy Aşgabat şäherinde G. Kuliýew köçesiniň 6-njy jaýynda, «TM-Motors» binasynda ýerleşýär.

«Castrol» brendiniň Türkmenistandaky wekilleri bilen habarlaşmak üçin +993 12 75-47-35 telefon belgisi, castrolasgabat@gmail.com elektron poçta salgys, şeýle hem sosial ulgamlardaky resmi sahypalary elýeterlidir.
Goşmaça maglumatlary www.tm-motors.net saýtynda tapyp bilersiňiz.