Gara deňziň gruzin kenarynda Türkmenistanyň ýük terminalyny döretmek hakynda gepleşikler geçirilýär. Bu barada Gruziýada döwlet saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen-gruzin işewürler forumynyň dowamynda belledi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti çykyşynda ulag, logistika, kommunikasiýa, üpjünçilik ulgamlary we deňiz terminallaryny peýdalanmagy ösdürmekde uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, hususy telekeçiligiň ugurdaş üpjünçilik ulgamlaryny döretmäge, harytlary we hyzmatlary üstaşyr geçirmek üçin aýratyn mümkinçilikleri peýdalanmaga çekilmelidigini nygtady.
«Gara deňziň gruzin kenarynda Türkmenistanyň ýük terminalyny döretmek hakynda gepleşikleri alyp barýarys. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny iş ýüzünde amala aşyryp, iki ýurduň işewürler bileleşikleri bu taslamany durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaly diýip hasap edýärin» diýip, döwlet Baştutany çykyşynda belledi.