Turkmenportal logo
16.07.2026
89778977
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Tbiliside geçirilen Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyna gatnaşdy

Şu gün Tbilisi şäherindäki «Ekspo Georgia» sergiler merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň döwlet saparyna gabatlanyp, Türkmen-gruzin işewürlik maslahaty geçirildi. Bu ýerde Türkmenistanda öndürilen önümleriň göçme sergisi hem ýaýbaňlandyryldy. Olara Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Forumyň maksady özara bähbitlilik esasynda ýola goýlan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň anyk ýollaryny ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.

Işewürlik maslahatynyň geçýän ýerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow mähirli garşylanyldy. Soňra bu ýerde guralan Türkmenistanda öndürilen önümleriň giň möçberli sergisine aýlanyp görüldi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hem-de Gruziýanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan sergi 592 inedördül metr meýdanda ýaýbaňlandyrylypdyr. Onda ýurdumyzyň ministrlikleriniň, döwlet edaralarynyň 17-siniň, hususy kärhanalardyr telekeçileriň 42-siniň diwarlyklaryna orun berilýär. Diwarlyklar «Türkmenistanda öndürilen» nyşanly azyk önümlerinden başlap, dokma, himiýa, senagat harytlarynyň dürli görnüşleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Iri gözden geçiriliş myhmanlara türkmen önüm öndürijileri tarapyndan taýýarlanylýan ýokary hilli harytlaryň giň toplumy — senagat we oba hojalyk pudaklary üçin enjamlar, ätiýaçlyk şaýlar, gurluşyk serişdeleri, elektronika, öý hojalyk harytlary, dokma we azyk önümleri bilen tanyşmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär. 

Sergi meýdançasynyň ýene bir bölümi söwda we azyk senagaty pudagynyň gazananlaryna bagyşlansa, Dokma senagaty ministrligi daşarky bazarlarda-da uly meşhurlyga eýe bolan türkmen dokma önümleriniň dürli görnüşlerini hödürleýär. «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň kärhanalarynyň, halyçylyk pudagynda iş alyp barýan telekeçileriň haly we haly önümleri, halk senetçileriniň el işleri, milli lybaslardyr şaý-sepler nepisligi, ajaýyplygy, milli öwüşgini bilen myhmanlarda uly gyzyklanma döredýär.

Sergi bilen tanyşlykdan soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen-gruzin işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasynda çykyş etdi. Döwlet Baştutany bu forumyň söwda-ykdysady, maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam berjekdigini aýdyp, Türkmenistanyň esasy ykdysady görkezijileri, maýa goýum kuwwaty, hususy pudak üçin döwlet tarapyndan döredilýän şertler barada aýratyn durup geçdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyşynda türkmen-gruzin ykdysady hyzmatdaşlygynda gazanylan netijelere ünsi çekip, şunda telekeçilige esaslanýan täzeçe gatnaşyklaryň zerurdygyny belledi. Ulag-logistika, kommunikasiýa, üpjünçilik ulgamlary, deňiz terminallaryny ösdürmek, harytlardyr hyzmatlary üstaşyr geçirmek, senagat we oba hojalyk kooperasiýasy, gurluşyk, agrosenagat, syýahatçylyk ýaly pudaklar bolsa bilelikde iş alyp barmak üçin geljegi uly ugurlar hökmünde görkezildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň işewürlik forumyndaky çykyşy tamamlanandan soňra, gruzin tarapynyň käbir döwlet we hususy düzümleriniň ýolbaşçylary hem çykyş etdiler.