«Täze Aý» kompaniýasy özüniň şöhlat önümlerini professional görnüşde kesip, çeperçilik bilen bezemek hem-de ony dabaralaryň geçirilýän ýerine eltip bermek boýunça amatly hyzmatlaryny hödürleýär. Indi toýlar, ýubileýler, korporatiw agşamlary, doglan günler, oturlyşyklar we beýleki dabaralar üçin baýramçylyk saçagynyň bezegine öwrüljek taýýar et assortilerini sargyt edip bilersiňiz.
Kompaniýanyň hünärmenleri önümleri professional enjamlarda bellenilen ölçegde we arassa kesip, olary nepis kompozisiýalar hem-de baýramçylyk assortileri görnüşinde bezeýärler. Soňra taýýarlanylan önümler kämil görnüşde gaplanylyp, bellenilen wagtda, terligini hem-de ajaýyp tagamyny ýitirmän, bellenen salga eltilýär.
Saçaklary bezemek üçin «Täze Aý» haryt nyşanly şöhlat önümleriniň ähli görnüşleri: gaýnadylan, ýarym kakadylan, gaýnadylan-kakadylan, büzmeçler we büzmeler, şeýle hem kärhananyň özünde öndürilýän dürli et önümleri ulanylýar.
Her bir sargyt myhmanlaryň sanyna we dabaranyň görnüşine laýyklykda, aýratynlykda ýörite taýýarlanýar. Şeýle hyzmat bezeg işlerini professional hünärmenlere ynanmak bilen, baýramçylyk saçagyny taýýarlamakda wagty ep-esli tygşytlamaga mümkinçilik berýär.
Özüniň ýokary hilli önümlerini, olaryň estetik taýdan gözel bezegini we amatly eltip bermek hyzmatyny utgaşdyrmak arkaly «Täze Aý» artykmaç aladalar bolmazdan, owadan hem-de tagamly iýmitler bolan baýramçylygy guramak isleýänler üçin taýýar çözgüdi hödürleýär.
Habarlaşmak üçin:
Daşoguz — +993 63 26-44-49
Köneürgenç — +993 65 30-69-94
Türkmenbaşy — +993 62 53-13-37
Balkanabat — +993 63 90-34-83
Gyzylarbat — +993 63 29-28-76
Büzmeýin — +993 65 71-71-81
Aşgabat — +993 65 71-81-69
Kaka — +993 65 31-59-14
Tejen — +993 63 13-46-02
Mary — +993 61 82-20-45
Türkmenabat — +993 61 53-06-70
Kerki — +993 64 44-96-00