Turkmenportal logo
Düýn 13:07
1992519925
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň raýatlary Şengen ýurtlaryna wizany nireden alyp bilerler?

Şengen zolagy 29 döwleti birleşdirýär. Oňa Ýewropa Bileleşigine agza bolan 25 ýurt (Irlandiýadan we Kiprden başga) Awstriýa, Belgiýa, Bolgariýa, Wengriýa, Germaniýa, Gresiýa, Daniýa, Ispaniýa, Italiýa, Latwiýa, Litwa, Lýuksemburg, Malta, Niderlandlar, Polşa, Portugaliýa, Rumyniýa, Slowakiýa, Sloweniýa, Finlýandiýa, Fransiýa, Horwatiýa, Çehiýa, Şwesiýa we Estoniýa, şeýle hem ÝB-ne agza bolmadyk dört döwlet – Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa girýär. Şengen wizasy onuň düzümine girýän islendik ýurtda her 180 günlük döwrüň dowamynda 90 güne çenli bolmaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň raýatlary üçin şeýle wizany resmileşdirmek maksady bilen Aşgabatda ýerleşýän iki diplomatik wekilhananyň – Germaniýanyň we Italiýanyň ilçihanalarynyň konsullyk gulluklary hyzmat edýär. Beýleki Şengen ýurtlarynyň Türkmenistanda öz konsullyk wekilhanalary ýok.

Germaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy haýsy ýurtlar üçin wizany resmileşdirýär?

Germaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy arkaly aşakdaky ýurtlar üçin Şengen wizasyny resmileşdirip bolýar: Germaniýa, Awstriýa, Belgiýa, Gresiýa, Estoniýa, Ispaniýa, Latwiýa, Lýuksemburg, Malta, Niderlandlar, Norwegiýa, Portugaliýa, Finlýandiýa, Şwesiýa. Mundan başga-da, diňe Türkmenistanyň gulluk we diplomatik pasportlarynyň eýeleri üçin bu ilçihanada Şweýsariýa üçin hem wizalary resmileşdirýär.

Resminamalary tabşyrmak üçin ýazgy diňe ilçihananyň elektron nobat ulgamynyň üsti bilen amala aşyrylýar.

Italiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy aşakdaky ýurtlar üçin wizalary resmileşdirýär:

Italiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy arkaly Italiýa wizany, şeýle-de Fransiýa üçin 90 güne çenli gysga möhletli Şengen wizasyny resmileşdirip bolýar. Aşgabatda Fransiýanyň ilçihanasy bar bolsa-da, Türkmenistanyň raýatlarynyň Fransiýa üçin gysga möhletli wizalaryna degişli resminamalary hut Italiýanyň ilçihanasynyň konsullyk bölümi kabul edýär. Fransiýa üçin uzak möhletli wizalar, şeýle hem ýurduň deňiz aňyrsyndaky sebitlerine berilýän wizalar Stambuldaky VFS Global hyzmat ediş merkezi arkaly resmileşdirilýär.

Resminamalary tabşyrmak üçin ýazgy Prenot@mi (prenotami.esteri.it) elektron ulgamy arkaly gije-gündiziň dowamynda mugt amala aşyrylýar.

Rumyniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasyny hem aýratyn bellemek gerek: Rumyniýa 2024-nji ýyldan bäri Şengen zolagynyň düzümine girýär we bitewi Şengen wizalaryny berýär. Şonuň üçin bu ýurda wizany hem gönüden-göni Aşgabatda resmileşdirip bolýar.

Aşgabatda aşakdaky ýurtlar üçin Şengen wizalary berilmeýär:

Bolgariýa, Wengriýa, Daniýa, Islandiýa, Litwa, Lihtenşteýn, Polşa, Slowakiýa, Sloweniýa, Horwatiýa, Çehiýa, Şweýsariýa – adaty pasportlaryň eýeleri üçin (gulluk we diplomatik pasportlar üçin däl).

Bu ýurtlara gitmek isleýänler Türkmenistanyň çäginden daşarda ýerleşýän degişli konsullyk edaralaryna ýüz tutmalydyrlar. Köplenç bu sebitdäki iň ýakyn diplomatik wekilhanalar bolýar. Mysal üçin, Polşanyň Türkmenistana degişli konsullyk ygtyýarlyklary Bakudaky ilçihana degişli bolup, käbir konsullyk hyzmatlary Daşkentdäki wekilhananyň üsti bilen hem ýerine ýetirilýär.

Resminamalaryň kabul edilýän ýeri her ýurt boýunça tapawutlanýandygy sebäpli, syýahata çykmazdan öň degişli döwletiň ilçihanasynyň resmi saýtynda hereket edýän düzgünleri anyklamak maslahat berilýär.