Turkmenportal logo
Düýn 02:10
1101011010
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Argentina Angliýanyň ýygyndysyny ýeňip, futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň finalyna çykdy

Argentinanyň milli futbol ýygyndysy ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň ýarym finalynda Angliýanyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda ýeňip, ýaryşyň finalyna çykdy.

Atlantada geçirilen duşuşyk Argentinanyň ýygyndysynyň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy. Angliýanyň düzüminde Entoni Gordon 55-nji minutda tapawutlandy. Ýeňiji toparyň düzüminde bolsa Enso Fernandes 85-nji minutda, Lautaro Martines bolsa 90+2-nji minutda gol geçirdi. Iki goluň hem netijeli pasyny Lionel Messi berdi.

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany Lionel Messi meýdança 39 ýaş 21 gün ýaşynda çykyp, dünýä çempionatlarynyň ýarym finalynyň taryhynda futbol oýunçylarynyň arasynda iň uly ýaşly futbolçy hökmünde hasaba alyndy.

Dünýä çempionatynyň final duşuşygy 19-njy iýulda Ist-Raterford şäherinde geçiriler. Bu oýunda Argentinanyň garşydaşy ýarym finalda Fransiýany ýeňen Ispaniýanyň milli ýygyndysy bolar.