Turkmenportal logo
15.07.2026
1525515255
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan sebit kärdeşler arkalaşyklarynyň bitewi maglumat-hukuk binýadyny döretmegi teklip etdi

2026-njy ýylyň 8–11-nji iýuly aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Yssyk-Köl sebitinde «Bilim işgärleriniň hukuklaryny goramak: häzirki şertlerde kärdeşler arkalaşyklarynyň orny» atly sebit maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümine ýurduň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň wekilleri P. Öwezow we K. Bugraýew, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bölüm müdiri B. Annagurbanowa girdi.

Gatnaşyjy ýurtlaryň çykyşlaryna bagyşlanan mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň wekili Merkezi Aziýada kärdeşler arkalaşyklarynyň hyzmatdaşlygy barada çykyş etdi. Çykyşda Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň işiniň Konstitusiýanyň hem-de işgärleriň hukuklaryny we bähbitlerini goramaga gönükdirilen degişli kanunçylygyň düzgünlerine esaslanýandygy bellenildi.

Hasabatda Halkara zähmet guramasynyň Zähmetkeşleriň işi boýunça býurosy (ACTRAV) bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesine hem aýratyn üns berildi. 2026–2027-nji ýyllar üçin bilelikdäki iş meýilnamasynyň çäklerinde kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň sebit duşuşygyny we Aşgabatda halkara maslahaty geçirmek, şeýle hem hünärmenleri Italiýanyň Turin şäherinde okatmak göz öňünde tutulýar.

Türkmen tarapy sebit kärdeşler arkalaşyklary üçin bitewi maglumat-hukuk binýadyny döretmek, zähmeti goramak ulgamynda tejribe alyşmagy işjeňleşdirmek, şeýle hem kärdeşler arkalaşyklarynyň işine zenanlary we ýaşlary has giňden çekmek ýaly birnäçe amaly başlangyçlary hem öňe sürdi.

Maslahatda Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Azerbaýjanyň wekilleri hem mugallymlaryň hukuklaryny goramak, kärdeşler arkalaşyklarynyň düzümlerini özgertmek we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça toplan tejribeleri bilen paýlaşdylar.

Duşuşygyň jemleri boýunça gatnaşyjylar sebit ýurtlarynyň integrasiýany çuňlaşdyrmak hem-de zähmet gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak ugruny dowam etdirmäge ygrarlydygyny tassykladylar.