Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, doktor Fariýal Leghari «Diplo» platformasyna beren interwýusynda hünär ýoly, Aşgabatdaky işiniň ilkinji aýlary hem-de Türkmenistandaky ilkinji täsirleri barada gürrüň berdi.

Hünär ýoly
Doktor Fariýal Leghariniň diplomatik gulluga gelen ýoly adaty bolmandy. Ol Oksford uniwersitetinde syýasy geografiýa ugry boýunça filosofiýanyň doktory (PhD) derejesini aldy. Diplomatik gulluga bellenmezinden öň ol Gulf News we Khaleej Times neşirlerinde ýolbaşçy redaktor wezipelerinde işledi. Şeýle hem ol Gulf Research Center merkezinde howpsuzlyk boýunça ylmy gözlegçi we töwekgelçilikleri seljeriji wezipesinde zähmet çekdi. Onuň ylmy gyzyklanmalary sebit howpsuzlygy, Pakistanyň serhetýaka sebitleri we Eýranyň ýadro diplomatiýasy bilen bagly meseleleri öz içine alypdy.
Ilçiniň bellemegine görä, onuň şahsyýet we hünärmen hökmünde kemala gelmeginde maşgalasynyň uly täsiri bolupdyr. Kakasy — Pakistanyň ozalky Prezidenti Sardar Faruk Han Leghari onuň ýokary bilim almagyna we daşary ýurtlarda özbaşdak hünär ýoluny dowam etdirmek islegine goldaw beripdir. Bu goldaw durmuşynyň kyn pursatlarynda onuň üçin uly daýanç bolupdyr.
Türkmenistandaky işi
Doktor Fariýal Leghari 2025-nji ýylyň 13-nji iýunynda Pakistanyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine girişdi. Ol Aşgabada gelen dessine diýen ýaly goňşy Eýranda ýaragly çaknyşyklaryň başlanmagy bilen bagly çylşyrymly ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Bu ýagdaý Eýranyň çäginde bolan pakistanly raýatlaryň howpsuz çykarylmagyny gysga wagtda guramagy talap edipdi.
Türkmenistan baradaky ilkinji täsirleri hakynda gürrüň bermek bilen, ilçi internet çeşmeleriniň esasynda emele gelen düşünjeleriniň hakykata gabat gelmeýändigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, Türkmenistan parahatçylygy we durnuklylygy üpjün edýän, halkara gatnaşyklarda hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine yzygiderli eýerýän döwletdir. Şeýle hem ol ýurt barada giňden ýaýran käbir stereotipleriň hakykata laýyk gelmeýändigini belläp, Türkmenistany myhmansöýer ýurt hökmünde häsiýetlendirdi.
Doktor Leghari türkmen jemgyýetinde zenanlaryň eýeleýän ornuna hem aýratyn ünsi çekdi. Onuň bellemegine görä, zenanlar ýokary döwlet wezipelerinde zähmet çekýärler hem-de iri başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar. Şeýle hem ol ýurtda mugt bilim ulgamynyň ýola goýluşyna, milli medeni mirasyň, sazyň we sungatyň ösdürilmegine berilýän ähmiýete ýokary baha berdi.
Ilçi çagalykdan bäri atçylyk sporty bilen gyzyklanýandygyny aýdyp, hut şu gyzyklanmasynyň özüni Türkmenistan bilen has-da ýakynlaşdyrandygyny belledi. Şeýle hem ol iki ýurduň arasynda atçylyk sporty boýunça hyzmatdaşlyk taslamalarynyň üstünde işlenilýändigini, şol sanda pakistanly zenan türgenleriň Türkmenistana saparlarynyň meýilleşdirilýändigini habar berdi.
Watandaşlaryna ýüzlenme
Interwýusynyň ahyrynda doktor Fariýal Leghari watandaşlaryny syýasy garaýyşlardaky tapawutlara garamazdan agzybirligi saklamaga hem-de halkara giňişliginde öz ýurtlary barada ýaramaz pikirleri ýaýratmazlyga çagyrdy. Şeýle hem ol adamlary öz maksatlaryndan ýüz öwürmezlige we olary gazanmak ugrunda ynamly öňe gitmäge çagyrdy. Mundan başga-da, ilçi ýaşlar üçin jemgyýetçilik diplomatiýasy meselelerine bagyşlanan bilim seminarlaryny guramak başlangyjyny öňe sürdi.