Turkmenportal logo
14.07.2026
1578315783
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Wengriýanyň parlamenti Prezidenti wezipesinden çetleşdirmek baradaky karary kabul etdi

Wengriýanyň parlamenti ýurduň Prezidenti Tamaş Şuýoky wezipesinden çetleşdirmek baradaky karary kabul etdi. Prezident ozalky Premýer-ministr Wiktor Orbanyň tarapdary hökmünde tanalýardy. Orban şu ýylyň aprel aýynda geçirilen saýlawlardan soň, 16 ýyl dowam eden dolandyryşyndan soň häkimiýetden gitdi.

Premýer-ministr Peter Madýaryň ýolbaşçylyk edýän «Tisa» partiýasy parlamentdäki orunlaryň üçden iki bölegine eýe bolup, ýurduň Konstitusiýasyna 17-nji üýtgetmäni girizdi. Bu üýtgetme Prezident Tamaş Şuýokyň hem-de Konstitusion kazyýetiň başlygy Peter Poltyň ygtyýarlyklarynyň bes edilmegini göz öňünde tutýar.

Bu ses berlişik täze hökümetiň maý aýynyň başynda häkimiýete geleninden bäri parlamentde bolan iň dartgynly syýasy wakalaryň biri boldy. Täze hökümet 12-nji aprelde geçirilen saýlawlarda Wiktor Orbanyň «Fides» partiýasyndan garaşylmadyk derejede ynamly üstün çykypdy.

Indi Prezident Tamaş Şuýok Konstitusiýa girizilen bu üýtgetmä gol çekmeli — ýagny öz wezipesini terk etmek hakda karar çykarmaly ýa-da ony Konstitusion kazyýetiň garamagyna ibermeli, munuň üçin onuň bäş gün möhleti bar.

Eger Prezident resminamany Konstitusion kazyýete iberse, Premýer-ministr Peter Madýar impiçment – ýagny ony wezipesinden çetleşdirmek işini başlatjakdygyny mälim etdi. Şeýle ýagdaýda Prezident öz ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmekden awtomatiki ýagdaýda çetleşdiriler. Şeýle hem Prezident konstitusion çökgünligiň öňüni almak maksady bilen öz islegi boýunça wezipesinden çekilip biler. Täze hökümet hem hut şu çäräni saýlamaga çagyrýar.

«Fides» partiýasynyň deputatlary duşenbe güni geçirilen ses berlişikden öň mejlisler zalyndan çykyp gitdiler. Olar «Tisa» partiýasyny «zorlukly dolandyryş ulgamyny döretmäge synanyşmakda» aýypladylar. «Fides» partiýasynyň pikirine görä, täze kabul edilen düzediş hökümete döwlet wezipeli adamlaryny öz islegi boýunça dessine wezipesinden boşatmaga giň ygtyýarlyklary berýär.

Ozalky prezidentlige dalaşgär, oppozisiýanyň wekili Peter Rona BBC neşirine beren beýanatynda: «Bu ýagdaýyň iň uly geň tarapy, «Fides» partiýasynyň hut özüniň döreden häkimiýet düşünjesiniň pidasyna öwrülmegidir» — diýip, belledi.