Turkmenportal logo
Düýn 23:30
88748874
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Döwlet gullugy akademiýasynyň okuwlaryna kabul etmegiň meýilnamalary tassyklanyldy

Türkmenistanyň Halk Maslahatlarynyň agzalarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi, ýerli edaralary hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary üçin dünýä ülňüleriniň talaplaryna doly laýyk gelýän döwlet ýolbaşçylaryny we gullukçylaryny, şeýle hem magistrleri taýýarlamak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Resminama laýyklykda:

2026-2027-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döwlet edaralarynyň gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamak boýunça okuwlaryna (okuwyň möhleti iki okuw ýyly) diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy;

2026-2027-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döwlet edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlaryna (okuwyň möhleti bäş aý) diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy;

2026-2027-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döwlet edaralarynyň gullukçylarynyň täjirçilik arbitražy boýunça hünär derejesini ýokarlandyrmak okuwlaryna (okuwyň möhleti dört aý) diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy;

2026-2027-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň gullukçylarynyň hem-de welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlaryna (okuwyň möhleti iki aý) diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy;

2026-2027-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlaryna (okuwyň möhleti iki aý) diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy;

2026-2027-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň magistrleri taýýarlamak boýunça okuwlaryna (okuwyň möhleti bir okuw ýylyndan iki okuw ýylyna çenli) tölegli esasda talyplary kabul etmegiň meýilnamasy;

2026-2027-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlaryna (okuwyň möhleti iki aýa çenli) tölegli esasda diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy;

2026-2027-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň okuwlaryna diňleýjileri we talyplary kabul etmek boýunça giriş synaglaryny guramagyň tertibi tassyklanyldy.