Turkmenportal logo
Düýn 22:52
59105910
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy wezipesinden boşadyldy

Gurbangeldi Garlyýewiç Garlyýew başga işe geçmegi sebäpli, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Berdimyrat Amanow bellenilip, ol «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Türkmenistanyň Prezidenti degişli resminamalara şu gün geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda gol çekdi.  Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ýeri gelende bellesek, Gurbangeldi Garlyýewiç Garlyýew «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy wezipesine 2023-nji ýylyň awgustynda bellenilipdi.