Dünýäde 160 million çaga açlyk sebäpli ýeterlik boýuny almaýar. Bu barada guramanyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Russiýa bilen aragatnaşyklar bölüminiň direktory Oleg Kobýakow TASS agentligine gürrüň berdi.
Kobýakow çaga ömrüniň ilkinji ýyllarynda ýeterlik iýmitlenmese, onuň fiziki hem-de akyl ukyplaryna ýetýän zyýany soňky ýyllarda dolup bolmaýandygyny belledi. Şu nukdaýnazardan, häzirki wagtda dünýäniň dürli sebitlerinde azyk howpsuzlygy we açlyk bilen bagly ýagdaý henizem 2030-njy ýyla çenli açlygy ýok etmek maksadyndan ep-esli yza galýar. Muňa koronawirus ýokanjy, ýaragly gapma-garşylyklar, energiýa kynçylyklarydyr olar bilen bagly ykdysady sarsgynlar täsir etdi.
Emma hünärmen Durnukly ösüş maksatlarynyň iýmitlenmek boýunça saglygy goraýyşda göz öňünde tutulan görkezijilerinde öňegidişlikleriň bardygyny nygtady. Muňa alty aýlyga çenli çagalary ene süýdi bilen iýmitlendirmek, gyzjagazlarda we çaga dogurmaga ukyply ýaşa ýeten zenanlarda ýeterlik iýmitlenmezlik bilen bagly döreýän azganlylygyň möçberlerini azaltmak ýaly üstünlikleri mysal görkezmek bolar.