Türkmenistanyň gallaçy kärendeçileri Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, bu baradaky ýyllyk şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen berjaý etdiler. Gallaçy babadaýhanlaryň gazanan bu zähmet ýeňşi ýurtda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak, halkyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Häzirki wagtda oba hojalyk pudagynda hususy bölegiň eýeleýän ornunyň barha pugtalanýandygyny bellemek gerek. Pudakda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek boýunça kabul edilen çözgütleri ýerine ýetirmek, ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak hem-de oba hojalygyna hususy önüm öndürijileri giňden çekmek maksady bilen döredilen ýörite ýer gaznasyndan oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin bölekler hususy önüm öndürijilere bölünip berilýär. Munuň özi hususyýetçileriň netijeli iş alyp barmaklary üçin uly mümkinçilikleri döredýär, olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynyň esaslandyrylmagy hem-de bu institutda bugdaýyň «Serdar», «Arkadag», «Pyragy» diýlip atlandyrylýan täze sortlarynyň döredilmegi hem-de olaryň ekin dolanyşygyna girizilmegi bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berdi. Şu ýyl hususy önüm öndürijileriň bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirip, Watan harmanynyň beýgelmegine goşant goşmaklary munuň aýdyň mysalydyr.