Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sergi merkezinde türkmen suratkeşleriniň 50-siniň 140 eserini öz içine alýan täze sergi açyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Serginiň merkezi böleginde heýkeltaraş Maksatmyrat Hojaýynowyň «Ýewropanyň alnyp gaçylyşy» atly heýkeltaraşlyk kompozisiýasy ýerleşdirilip, ol sergä gelýänleriň aýratyn ünsüni çekýär.
Suratkeş Baýdurdy Berdiýew sergide gök, çal we goňur-gyzyl öwüşginlerinde ýerine ýetirilen «Horaz urşy» atly eserini hödürledi. Reňkleriň agraslygy, ýaşulylaryň sabyr-takatlygy hem-de horazlaryň gazaply söweşiniň emele getirýän güýçli garşylygy bu eseriň tomaşaçylaryň ünsüni uzak wagtlap özünde jemlemegine ýardam edýär.

Sergide suratkeşler Kamil Weliahmedowyň we Polat Garyýewiň eserlerinden emele gelen özboluşly triptih hem görkezilýär. Kamil Weliahmedowyň «Jemal daýza» atly eserinde ýaşyna garamazdan, ýüplük egrip oturan zähmetsöýer zenan şekillendirilýär. Polat Garyýew bolsa «Ene» atly eserinde düýbünden başga keşbi döredýär: ýaşuly zenan ellerini dyzynyň üstünde goýup oturýar. Onuň bu keşbi «Öz paýymy zähmet bilen berjaý etdim» diýen pikiri alamatlandyrýar. Onuň gapdalynda suratkeşiň «Keýjan ene» atly ýene bir eseri hem ýerleşdirilipdir.

Suratkeş Azat Myradow «Aşgabadyň panoramasy» atly triptihinde paýtagty günüň dürli wagtlarynda şöhlelendirýär.

Sergide tomaşaçylaryň ünsüni çekýän başga-da köp sanly eserler görkezilýär. Olaryň hatarynda Baýdurdy Berdiýewiň «Bazarda», Mojek Çaryýewiň «Kerwen», Guwanç Hojanyýazowyň «Kädiler», Şöhrat Berdiýewiň «Oba ertiri» atly eserleri hem-de başga-da köp sanly suratlar bar.


Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sergi merkezi Aşgabat şäheriniň A. Berdiýew köçesiniň jaý 135/1 salgysynda ýerleşýär. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +993 62 98-08-07.