Şu ýyl 1936-njy ýylda türkmen balykçylary tarapyndan Krasnowodsk (häzirki Türkmenbaşy) – Moskwa ugry boýunça taryhy taýmylly ýüzüşiniň amala aşyrylanyna 90 ýyl dolýar. Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde habar berilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly birinji kitabynda taýmylçylar barada buýsanç bilen şeýle belleýär: «1936-njy ýylda Krasnowodskden Moskwa çenli ýüzüp baryp, olar şöhratly ýeňiş gazandylar».
1935-nji ýylyň maý–awgust aýlarynda türkmen ýigitleriniň Aşgabat-Moskwa atly ýörişi üstünlikli amala aşyrylandan soň, türkmen balykçylary hem Moskwa çenli taýmyllarda ýüzüp barmaklygyň kararyna gelýärler. Taýmyl tutuş agaçdan, köplenç gara agaçdan ýasalýan, düýbi tekiz, türkmenleriň adaty bir orunlyk ýeňil gaýygydyr.
Krasnowodsk–Moskwa taýmylly ýüzüşe gatnaşmak üçin alty kolhozdan öňdebaryjy 10 balykçy saýlanyp alynýar. Ýol ugrunda olaryň saglyk ýagdaýy yzygiderli lukmançylyk gözegçiliginde saklanýar.
Ýüzüş döwründe Wolga derýasynyň boýundaky Wolsk şäherinde 27 ýaşly taýmylçy Magtymguly Ýazgulyýew agyr sowuklaýar. Gyzgyny ýokary bolsa-da, ol taýmylyny terk etmek islemeýär. 16-njy awgustda hassahana ýerleşdirilýär, emma lukmanlaryň eden ähli tagallalaryna garamazdan, onuň janyny halas etmek başartmaýar.
Gaýduwsyz türkmen taýmylçylary 4 653 kilometrlik ýoly geçip, bellenilen möhletden öň — 1936-njy ýylyň 5-nji oktýabrynda Moskwa baryp ýetýärler. Olar paýtagta türkmen halkynyň salamyny ýetirýärler. Moskwalylar taýmylçylary gül desseleri bilen garşy alýarlar. Sowuk we ýagyşly howa garamazdan, dabaraly ýygnaga 9 müňden gowrak adam ýygnanýar. Moskwa derýasynyň ýüzi güller bilen örtülýär.
Dabaraly garşylama dabarasynda ýörişiň syýasy ýolbaşçysy Meret Kulyýew buýsanç bilen şeýle diýýär: «Atalarymyzyň we babalarymyzyň obalaryndan daşlaşmaga çekinen bir adamlyk taýmyllarda biz joşgunly Hazar deňzini, beýik Wolga, Oka we Moskwa derýalaryny geçdik. Munuň bilen türkmen balykçylarynyň kynçylyklardan gorkmaýandygyny we öz maksatlaryna ýetmekde tutanýerlidigini görkezmek isledik».
Türkmen taýmylçylary Moskwada birnäçe gün bolýarlar. 1936-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda bolsa olar Kremle çagyrylyp, «Hormat nyşany» ordeni bilen sylaglanýarlar. Şol dabarada aradan çykan Magtymguly Ýazgulyýewiň hatyrasy hem uly hormat we gynanç bilen ýatlanýar.
Krasnowodsk–Moskwa ugry boýunça amala aşyrylan bu taryhy ýüzüşe 90 ýyl geçen hem bolsa, türkmen balykçylarynyň görkezen gaýduwsyzlygy Türkmenistanyň şöhratly taryhynyň ýatdan çykmajak sahypalarynyň biri bolup galýar.