Turkmenportal logo
Düýn 10:41
89468946
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen ýokary okuw mekdebiniň talyplary Florensiýada tomusky okuw tejribeligini geçýärler

Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Italiýanyň Florensiýa şäherindäki Kent döwlet uniwersitetiniň şahamçasynda tomusky okuw tejribesligini geçýärler.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, tejribeligiň dowamynda talyplar dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen deň-duşlary bilen tejribe alyşmaga, daşary ýurt dillerini kämilleşdirmäge hem-de dünýägaraýyşlaryny giňeltmäge mümkinçilik alýarlar.

Okuw maksatnamasynyň çäklerinde türkmen talyplary geljekki hünärlerinde peýdalanyp boljak häzirki zaman çemeleşmelerini öwrenýärler we halkara derejeli professorlaryň leksiýalaryna gatnaşýarlar.

Tomusky okuw tejribesi Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersitetiniň (Kent State University, USA) arasynda baglaşylan özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň esasynda guraldy.