Turkmenportal logo
Şu gün 11:29
52285228
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan BMG-de durnukly ulag ulgamyny ösdürmek boýunça başlangyçlary bilen tanyşdyrdy

7-nji iýulda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajyýew BMG-niň ştab-kwartirasynda Durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli syýasy forumyň çäklerinde geçirilen «BMG-niň Durnukly ulag onýyllygy – ýyllyk syn» atly ýörite çärä gatnaşyp, çykyş etdi.

Çäre BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamenti (UN DESA) bilen bilelikde guralyp, oňa agza döwletleriň, BMG-niň düzümleriniň wekilleri hem-de bilermenler gatnaşdylar. Olar durnukly ulag ulgamynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegini çaltlandyrmakdaky ornuny ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýurdumyzyň hemişelik wekili çykyşynda Türkmenistanyň 2026–2035-nji ýyllar üçin BMG-niň Durnukly ulag onýyllygyny yglan etmek hakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasynyň başlangyjyny öňe süren döwletdigini belledi. Şeýle hem ol durnukly ulag ulgamynyň ykdysady ösüşi, sebitara utgaşmagy, söwdany ösdürmegi, energiýa serişdelerine elýeterliligi we durmuş taýdan öz içine alyjylygy üpjün etmegiň esasy şertleriniň biridigini nygtady.

Türkmen tarapy toplumlaýyn ulag syýasatynyň, durnukly infrastruktura, sanly özgertmeleriň, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlere goldaw bermegiň, şeýle hem Awazada kabul edilen Hereketler maksatnamasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň ähmiýetine ünsi çekdi.

Çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň Durnukly ulag atlasyny döretmek baradaky başlangyjynyň öz wagtynda öňe sürlendigini we uly ähmiýete eýedigini bellediler. Maglumatlara esaslanýan bu gural Onýyllygyň çäklerinde gözegçiligi amala aşyrmaga, bilim we tejribe alyşmaga, şeýle hem amaly çäreleriň durmuşa geçirilmegine ýardam etmäge gönükdirilendir.

Türkmen tarapy BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamenti, BMG-niň sebit komissiýalary, agza döwletler hem-de hyzmatdaşlar bilen Durnukly ulag onýyllygyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen mundan beýläk hem ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady.

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Durnukly ulag ulgamynda innowasiýalar we bilimler boýunça Ählumumy merkeziň ýolbaşçysy bilen hem duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny, hususan-da, 8-nji iýulda geçiriljek «BMG-niň Durnukly ulag onýyllygyny (2026–2035) ilerletmek: hyzmatdaşlyk, maglumatlara esaslanýan çözgütler we 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini durmuşa geçirmegi çaltlandyrmak üçin utgaşdyrylan hereketler» atly bilelikdäki çäräniň guralmagy bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem taraplar 2026–2035-nji ýyllar üçin BMG-niň Durnukly ulag onýyllygynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini goldamak maksady bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň meseleleri boýunça pikir alyşdylar.