Turkmenportal logo
Şu gün 11:27
56175617
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Global Academy» Stambul Arel uniwersitetine okuwa kabul edişligi yglan edýär

«Global Academy» kompaniýasy Türkiýäniň Stambul Arel uniwersiteti («İstanbul Arel Üniversitesi») bilen hyzmatdaşlygy ýola goýandygyny we Türkiýede ýokary bilim almak isleýän dalaşgärlerden resminamalary kabul edip başlandygyny mälim etdi. Okuw maksatnamasy 18 — 40 ýaş aralygyndaky dalaşgärler üçin niýetlenendi we ol hem kolleji (Önlisans), hem-de bakalawriaty (Lisans) öz içine alýar.

Iki maksatnama boýunça-da okuwyň bahasy ýylda 1500 ABŞ dollaryna deňdir. Şol bir wagtyň özünde, kollej üçin ýaş çägi 30 ýaş diýlip bellenilen bolsa, bakalawriat maksatnamasyna 40 ýaşa çenli bolan dalaşgärler kabul edilip bilner. Okuwlar uniwersitetiň Stambuldaky kampusynda alnyp barlar.

«Global Academy» kompaniýasynda belleýişleri ýaly, «İstanbul Arel Üniversitesi» bilen hyzmatdaşlyk talyplara döwrebap infrastruktura elýeterliligi, amalyýete gönükdirilen maksatnamalar boýunça bilim almaga we talyp alyşmalary boýunça «Erasmus+» halkara maksatnamasyna gatnaşmaga giň mümkinçilikleri açýar. Okuwy tamamlan uçurumlara halkara nusgasyndaky diplom berilýär.

«Global Academy» kompaniýasynyň hünärmenleri dalaşgärlere hünär saýlamakdan başlap, resminamalary taýynlamak we okuwa kabul edilmegiň ähli tapgyrlaryndan geçmek işlerinde doly goldawy üpjün ederler.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Tel.: 0553 461 11 39, 0505 000 11 39, 0507 045 77 88

Poçta: globalvisaconsulting@gmail.cominfo@globalmediatravel.com.tr

Web-saýt: globalmeditravel.com.tr

Sosial ulgamlardaky sahypasy.