Turkmenportal logo
08.07.2026
65326532
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Ylmy barlaglar we innowasiýalar» ylmy-köpçülikleýin elektron žurnalynyň ikinji sany çykdy

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Ylmy barlaglar we innowasiýalar» ylmy-köpçülikleýin elektron žurnalynyň ikinji sany çykdy. Žurnalyň täze sanynda türkmen taryhyna, türkmen we daşary ýurt dillerine hem-de edebiýatyna, filologiýanyň, tebigy we takyk ylymlaryň möhüm meselelerine, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda okatmagyň usulyýetini döwrebap kämilleşdirmäge bagyşlanan ylmy-nazary, ylmy-amaly hem-de ylmy-usuly makalalar ýerleşdirildi. Bu barada uniwersitetiň resmi saýtynda habar berildi.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Ylmy barlaglar we innowasiýalar» ylmy-köpçülikleýin elektron žurnaly ylmy-barlag işlerini işjeňleşdirmek we önümçilige ornaşdyrmak, häzirki zaman ylmynyň ýeten sepgitlerini we ylmy barlaglaryň netijelerini jemgyýetçilige ýetirmek, internet ulgamy arkaly giňden wagyz etmek hem-de elektron görnüşinde ýaýbaňlandyrmak maksady bilen döredildi.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Ylmy barlaglar we innowasiýalar» atly ylmy-köpçülikleýin elektron žurnalynyň döredilmegi ýaşlary täze ylmy açyşlara, oýlap tapyşlara höweslendirdi.

Elektron žurnalyň türkmen, iňlis we rus dillerinde çärýekde bir, ýylda dört gezek neşiri goýberilýär.