Turkmenportal logo
Şu gün 09:14
39963996
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Niderlandlaryň Damen Shipyards kompaniýasy gämi gurluşygyndaky hyzmatdaşlygy giňelder

Gämi gurluşygy pudagynda dünýäniň öňdebaryjy kärhanalarynyň biri bolan Niderlandlaryň Damen Shipyards kompaniýasynyň baş edarasynda Türkmenistanyň ilçisi Sapar Pälwanow bilen kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň resmi saýtynda habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini, şol sanda Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň gämi gurluşyk zawodynda gämileri bilelikde gurmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem deňziň düýbüni çuňaltmak işleri babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn üns berildi. Çünki Damen Shipyards bu ugurda baý amaly tejribä eýe bolup, Türkmenistan bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk etmegiň tejribesini toplady.

Duşuşygyň dowamynda Damen Shipyards kompaniýasynyň wekilleri türkmen bazaryna gyzyklanma bildirýän iri niderland kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçiriljek işewürlik çäreleriniň guralmagyna gatnaşmaga çagyryldy.

Taraplar özara gyzyklanmalarynyň bardygyny tassyklap, dialogy dowam etdirmäge hem-de iş ýüzündäki hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň ilçisi dürli maksatly döwrebap gämileriň gurluşygy alnyp barylýan önümçilik meýdançasy bilen hem tanyşdy.