Fransiýanyň Dowil şäherinde moda, medeniýet we diplomatik wekilhanalaryň dürli ýurtlardan gelen wekillerini jemlän «Art-Storytelling Paris–Deauville» maksatnamasynyň çäklerinde halkara dizaýnerleriň moda görkezilişi geçirildi.
Türkmenistana bu çäräde tanymal dizaýner, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň keşdeçilik bölüminiň müdiri Jennet Agaýewa wekilçilik etdi. Wekiliýetiň düzümine şeýle hem Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň wekilleri hem-de Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasynyň işgärleri girdi.
Moda görkezilişiniň myhmanlaryna türkmen halkynyň milli amaly-haşam sungatynyň, milli keşdeçilik däpleriniň we häzirki zaman dizaýnynyň özboluşly aýratynlyklaryny özünde jemleýän eserler hödürlenildi.
Türkmen wekiliýetiniň bu halkara çärä gatnaşmagy Türkmenistanyň baý medeni mirasyny dünýäde wagyz etmäge, halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, şeýle hem moda we döredijilik pudaklarynda hünär gatnaşyklaryny ösdürmäge goşant boldy.