Turkmenportal logo
Düýn 09:44
60606060
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi küşt klubyna «Go» oýnunyň iki toplumyny sowgat berdi

Geçen şenbe güni Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sasaki Hiroşi Türkmenistandaky Fransuz institutynda hereket edýän küşt klubyna baryp gördi. Saparyň dowamynda ol Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň başlygy Wepa Mälikgulyýew bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň sosial ulgamlarda habar bermegine görä, ilçi klubyň agzalaryna «Go» oýnunyň iki toplumyny sowgat hökmünde gowşurdy.

Sasaki Hiroşi klubuň agzalaryny «Go» oýnunyň esasy düzgünleri bilen hut özi tanyşdyrdy, şeýle hem bu gadymy oýnuň taryhy we medeni ähmiýeti barada gürrüň berdi.

Ýatlap geçsek, Türkmenistanyň Küşt federasiýasy bilen Türkmenistandaky Fransuz instituty tarapyndan bilelikde döredilen küşt klubynyň duşuşyklary her şenbe güni sagat 18:30-dan 20:00-a çenli geçirilýär.

Indi klubyň agzalary diňe bir küşt oýnamak endiklerini kämilleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem «Go» oýnuny oýnap, strategik pikirlenişi, ünsi jemlemek ukybyny we uzak möhletli çözgütleri kabul etmek başarnygyny ösdürip bilerler.

«Go» iki oýunçy üçin niýetlenen gadymy strategik stolda oýnalýan oýun bolup, dünýäniň iň çylşyrymly intellektual oýunlarynyň biri hasaplanýar. Ol mundan 2 500 ýyldan gowrak ozal Gadymy Hytaýda döräpdir we hatdatlyk (kalligrafiýa), suratkeşlik hem-de sin atly saz guralynda saz çalmak bilen birlikde «dört asylly sungatyň» biri hasaplanypdyr. Soňra bu oýun Koreýa we Ýaponiýa ýaýrap, şol ýurtlarda özboluşly däpleri we oýun usullary emele gelipdir. Ýaponiýada bolsa «Go» samuraý medeniýetiniň möhüm bölegine öwrülip, strategik pikirlenişi, sabyrlylygy we hereketleriň netijelerini öňünden çaklamak ukybyny ösdürýändigi üçin ýokary baha berlipdir.

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi küşt klubyna «Go» oýnunyň iki toplumyny sowgat berdi | Turkmenportal.com