Turkmenportal logo
Düýn 07:47
77447744
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen agyr atletikaçysy Ogulşat Amanowa ýetginjekleriň dünýä çempionatynda altyn medal gazandy

Türkmen agyr atletikaçysy Ogulşat Amanowa Kolumbiýanyň Kali şäherinde geçirilýän agyr atletika boýunça ýetginjekleriň dünýä çempionatynda altyn medal gazandy.

53 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Amanowa silterläp götermekde 86 kg, itekläp götermekde 105 kg netije görkezdi. Iki görnüşiň jemi boýunça ol 191 kg netije bilen çempion boldy. Umumy hasapdaky altyn medaldan başga-da, türgen silterläp we itekläp götermek boýunça hem kiçi altyn medallara mynasyp boldy.

Şol bir agram derejesinde Türkmenistanyň ýene bir wekili Şabnam Kerimbaýewa hem çykyş etdi. Ol silterläp götermekde 83 kg, itekläp götermekde bolsa 105 kg netije görkezdi. Jemi 188 kg bilen ýaryşy bürünç medal bilen tamamlady. Şeýle hem ol itekläp götermek boýunça kiçi kümüş medala eýe boldy.

Umumy hasapda kümüş medal Filippinlerden Jodi Peralta berildi. Ol silterläp götermekde 85 kg, itekläp götermekde 103 kg netije görkezip, jemi 188 kg gazandy.

Kalide geçirilýän agyr atletika boýunça ýetginjekleriň dünýä çempionaty 11-nji iýulda tamamlanar.