Ýewropanyň transfer bazary: iýulyň başyna çenli haýsy futbolçy haýsy kluba geçdi?
Ýewropanyň transfer bazary işjeň döwrüni dowam etdirýär. 2026-njy ýylyň Dünýä çempionaty bilen bir wagtda klublar täze möwsüme taýýarlyk görüp, düzümine üýtgeşmeler girizýärler. Aşakda iýulyň başyna çenli tassyklanan iň möhüm transferler we iň köp ara alnyp maslahatlaşylýan hem entek tassyklanmadyk maglumatlar jemlenýär.
Germaniýa:«Bawariýa» Dünýä çempionatynyň ýyldyzy bilen güýçlendi
Mýunheniň «Bawariýasy» Marokkonyň milli ýygyndysynyň düzüminde Dünýä çempionatynyň dört duşuşygynda üç pökgi geçiren 24 ýaşly hüjümçi Ismael Saýbari bilen şertnama baglaşdy. Şertnama 2031-nji ýylyň iýun aýyna çenli niýetlenendir. PSV kluby bilen baglaşylan transferiň bahasy bonuslary hem goşmak bilen takmynan 55 million ýewro boldy.
Angliýa: orta hatardaky klublar hem düzümine üýtgeşme girizýär
«Çelsi» geçen möwsüm Italiýanyň A seriýasynyň iň gowy goragçysy diýlip ykrar edilen «Atalantanyň» 21 ýaşly gyrada oýnaýan goragçysy Marko Palestrany transfer edendigini resmi taýdan mälim etdi.
Horwatiýanyň milli ýygyndysynyň merkezi goragçysy Luka Wuşkowiç bonuslardan daşary takmynan 53,6 million ýewro möçberindäki şertnama laýyklykda «Tottenhem» klubyndan «Braýtona» geçer. Sports.ru neşiriniň maglumatyna görä, «Beşiktaş» bilen «Arsenal» Leandro Trossardyň 18+2 million ýewro barabar bolan transferi boýunça ylalaşyk gazandy.
Italiýa: «Milan» klubuň taryhyndaky iň gymmat transferi amala aşyrdy
Gonsalu Ramuş «PSŽ» klubyndan «Milana» bonuslardan başga 74 million ýewro möçberinde transfer edildi. Bu geleşik klubyň taryhyndaky iň gymmat transfer bolup, ozalky rekord bolan Rafael Leaonyň transferinden hem ýokary boldy.
Ispaniýa: «Real» goragyny düýpli täzeläp başlady
Soňky günleriň iň esasy habary «Realyň» goragyň sag gyrasyny güýçlendirmegi boldy. Madridiň kluby resmi saýty arkaly «Inter» klubynda çykyş eden Niderlandlaryň goragçysy Denzel Dumfrisiň düzümine goşulandygyny habar berdi. Futbolçy bilen 2030-njy ýylyň 30-njy iýunyna çenli şertnama baglaşyldy. Transferiň resmi bahasy mälim edilmese-de, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýazmagyna görä, gürrüň 20–25 million ýewro möçberindäki şertnamany bozmagyň öwez töleginiň tölenmegi barada gidýär. Dumfris «Interde» bäş möwsümiň dowamynda 207 duşuşykda 27 pökgi geçirdi, 28 netijeli pas berdi we klub bilen Italiýanyň iki gezekki çempionlygyny hem goşmak bilen sekiz kuboga mynasyp boldy.
Ol şu tomus «Realyň» goragyna goşulan üçünji täze oýunçydyr. Mundan ozal klub «Çelsiden» Mark Kukurelýany 55 million ýewro we 5 million ýewro bonus tölegi bilen alty möwsümlik şertnama arkaly düzümine goşdy. Şeýle hem Ibraim Konate «Liwerpuldan» erkin agent hökmünde geldi. Erkin agent hökmünde «Mançester Sitiden» gelen ýarym goragçy Bernardu Silwa hem kluba goşuldy.
Niko Pasyň geljegi hem aýdyňlaşdy. «Komo» kluby onuň transferi boýunça «Real» bilen 60 million ýewrolyk ylalaşyk gazandy. Şol bir wagtyň özünde madridliler futbolçyny 80 million ýewro garşylygynda gaýtadan satyn almak hukugyny özlerinde sakladylar. Klub Dani Sebalýos bilen hem hoşlaşdy. Taraplaryň özara ylalaşmagynyň esasynda şertnama ýatyryldy, sebäbi bu futbolçy baş tälimçi Žoze Mourinýunyň meýilnamalaryna asla sygyşmaýar.
Soňky günlerde Enso Fernandesiň transferi barada giňden gürrüň edildi. Emma «Real» bu maglumatlary resmi taýdan ret edip, «Çelsi» klubyna hormat goýýandyklary sebäpli dürli çaklamalara aýdyňlyk girizmegi zerur hasaplaýandyklaryny aýtdy. Klubuň bellemegine görä, ýakyn wagtda şeýle transfer amala aşmaz.
Soňky myş-myşlara görä, «Real» «Interiň» goragçysy Alessandro Bastonini transfer etmek boýunça gepleşikleri alyp barýar. Şeýle hem Eduardo Kamawinganyň klubdan gitmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşylýar. Winisius bilen täze şertnama baglaşmak meselesinde-de belli bir derejede dartgynlylyk saklanýar. Hüjümçi Killian Mbappeniň alýan hakyndan pes bolmadyk aýlyk talap edýär.
Ispaniýa: «Barselona» Reşforddan ýüz öwürdi, Fati bolsa klubdan gitdi
Ansu Fati hemişelik esasda «Barselonadan» «Monako» geçdi. Fransuz kluby 11 million ýewro baha bilen satyn almak mümkinçiliginden peýdalanyp, futbolçy bilen dört ýyllyk şertnama baglaşdy. Şol bir wagtyň özünde «Marca» neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, «Barselona» Markus Reşfordy 30 million ýewro töläp, satyn almakdan ýüz öwürdi. Netijede, hüjümçi «Mançester Ýunaýted» klubyna dolanýar.
Myş-myşlaryň hatarynda Hulian Alwaresiň «Atletikodan» «Barselona» geçmegi baradaky mesele henizem çözülmän galýar. Şeýle hem La Gazzetta dello Sport neşiri katalon klubynyň Rafael Leao bilen gyzyklanýandygyny ýazýar, emma bu barada klub tarapyndan resmi tassyknama entek ýok.
Öňde näme garaşmaly
Transfer penjiresi täze möwsümiň başlanmagyna golaý ýapylar. Şeýle-de bolsa, bazardaky işjeňlik eýýäm soňky ýyllaryň iň ýokary derejesine ýetdi. Munuň esasy sebäpleriniň biri täze baş tälimçiniň ýolbaşçylygynda Madridiň «Real» klubynyň düzüminde alnyp barylýan giň gerimli täzeleniş işleridir.