Turkmenportal logo
06.07.2026
1302513025
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Turkish Airlines Aşgabatdan uçuşlar üçin biznes-klas görnüşine geçmegiň bahasyny arzanlatdy

Aşgabat–Stambul ugry boýunça syýahat edýän ýolagçylar iýul aýynda hyzmat ediş derejesini ýokarlandyrmak üçin ýörite teklipden peýdalanyp bilerler. 2026-njy ýylyň 3–31-nji iýuly aralygynda bu ugur boýunça uçýan ähli ýolagçylara ekonom klas görnüşinden biznes-klasa geçmek üçin 30 göterim arzanladyş hödürlenýär.

Hyzmat ediş derejesini ýokarlandyrmagy resmileşdirmek 0 – 72 sagadyň dowamynda, biznes klasyndan boş orun bolan ýagdaýynda, awiakompaniýanyň resmi web sahypasynyň üsti bilen ýa-da ykjam goşundy arkaly Türk howa ýollarynyň ofisinde nagt görnüşinde, şeýle hem hasaba alyş wagtynda (bank kartasy bolan halatynda) amala aşyrylyp bilner. Bu hyzmat diňe biznes klasynda boş orunlar bar bolan ýagdaýynda uçuşa 0 – 72 sagat galan wagtyň dowamynda elýeterlidir.

Bu çäräniň çäklerinde bir tarapa biznes-klasa geçmegiň bahasy 449 ABŞ-nyň dollaryndan 314,30 ABŞ-nyň dollaryna çenli arzanladyldy.

Şol bir wagtyň özünde ýolagçylar biznes-klasa geçenden soň hem ilkibaşda satyn alnan ekonom klas bileti boýunça bar bolan şertleriň saklanýandygyny göz öňünde tutmalydyrlar. Bu bolsa goş daşamagyň kadalarynyň we nyrhnama şertleriniň üýtgemeýändigini, diňe uçuş wagtynda hödürlenýän hyzmatyň derejesiniň ýokarlanýandygyny aňladýar.