Turkmenportal logo
Şu gün 08:57
60886088
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ronaldunyň goly Portugaliýany DÇ-2026-nyň 1/8 finalyna çykardy

Portugaliýanyň milli futbol ýygyndysy dünýä çempionatynyň 1/16 finalynda Horwatiýanyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda ýeňdi. Kanadanyň Toronto şäherinde geçirilen duşuşyk Portugaliýanyň ýygyndysynyň peýdasyna tamamlandy.

Ýeňijileriň düzüminde Kriştianu Ronaldu 68-nji minutda penalti urgusyndan tapawutlandy. Bu onuň dünýä çempionatlarynyň pleý-off tapgyryndaky ilkinji goly boldy. Portugaliýanyň ikinji goluny bolsa goşmaça wagtyň 90+4-nji minudynda Gonsalu Ramuş geçirdi. Horwatiýanyň düzüminde ýeke-täk goly 53-nji minutda Iwan Perişiç öz adyna ýazdyrdy.

81-nji minutda çalşyrylan Ronaldu dünýä çempionatlarynyň pleý-off oýnunda meýdança çykan taryhdaky iň uly ýaşly futbolçy boldy. Şeýle hem bäş gezek «Altyn topuň» eýesi dünýä çempionatlarynda geçiren oýunlarynyň sanyny 26-a ýetirip, bu görkeziji boýunça ýeke özi ikinji orna çykdy.

6-njy iýulda Portugaliýanyň milli ýygyndysy 1/8 finalda Ispaniýanyň ýygyndysy bilen duşuşar.