Turkmenportal logo
Şu gün 08:55
56725672
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ispaniýa Awstriýany ýeňip, DÇ-2026-nyň 1/8 finalyna çykdy

Ispaniýanyň milli futbol ýygyndysy dünýä çempionatynyň 1/16 finalynda Awstriýanyň ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Inglwud şäherinde geçirildi.

Ispanlaryň gollaryny Mikel Oýarsabal (36-njy we 89-njy minutlarda) hem-de Pedro Porro (66-njy minutda) geçirdi.

Toparçalaýyn tapgyryň jemleri boýunça Ispaniýanyň ýygyndysy H toparçasynda birinji orny eýeledi. Awstriýanyň ýygyndysy bolsa J toparçasynda ikinji boldy. Ispaniýa 1/8 finalda Portugaliýanyň ýygyndysy bilen duşuşar. Oýun 6-njy iýulda geçiriler.

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýär. Çempionat 19-njy iýulda tamamlanar. Häzirki dünýä çempiony Argentinanyň milli ýygyndysydyr.