Turkmenportal logo
Şu gün 06:45
43504350
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Beglow: Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak Peterburg üçin ileri tutulýan wezipeleriň hataryndadyr

Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady. Bu barada TDH habar berýär.

«Ajaýyp syýasy we jemgyýetçilik işgäri hökmünde Siz Ýewraziýa sebitinde parahatçylygy, özara düşünişmegi üpjün etmekde möhüm orun eýeleýän Türkmenistanyň gülläp ösmegine hem-de barha kuwwatlanmagyna uly goşant goşduňyz. Strategik wezipeleri çözmekde Siziň öňdengörüjiligiňiz we parasatlylygyňyz, türkmen halkynyň medeni baýlyklaryny aýawly saklamak we artdyrmak meselelerine oýlanyşykly çemeleşmegiňiz türkmenistanlylaryň köp nesilleri üçin görelde boldy. Siz ýadawsyz we tutanýerli zähmetiňiz bilen senagat, oba hojalyk pudaklarynyň, ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynyň okgunly ösmegini üpjün etdiňiz.

Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak Sankt-Peterburgyň Hökümetiniň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda durýar. Biz özara ynanyşmagyň derejesine ýokary baha berýäris we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge çalyşýarys.

Siziň goldawyňyz netijesinde halklarymyzyň dostlugynyň bähbidine Sankt-Peterburg bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna umyt edýärin» diýlip, gutlag hatynda bellenilýär.

Aleksandr Beglow gutlag hatynyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Liderine berk jan saglyk, abadançylyk hem-de jogapkärli işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýär.