Turkmenportal logo
Şu gün 06:36
39133913
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Sadyr Žaparow Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH-de habar berýär.

«Biziň doganlyk halklarymyzyň arasyndaky dostluk, özara düşünişmek we birek-biregi goldamak däplerine esaslanýan gyrgyz-türkmen gatnaşyklarynyň we köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde Siziň şahsy goşandyňyzy aýratyn bellemek isleýärin.

Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklerinden peýdalanmaga gönükdirilen bilelikdäki tagallalarymyzyň özara gyzyklanma bildirilýän ähli ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ygtybarly binýat boljakdygyna ynanýaryn» diýip, Prezident Sadyr Žaparow gutlagynda belleýär.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti gutlag hatynyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Liderine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, jogapkärli işinde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdi.