Turkmenportal logo
Düýn 20:17
48474847
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatdaky BMG-niň binasynda KHBS-de maýyplyk meselelerini beýan etmegiň ýörelgeleri boýunça okuw seminary geçirildi

Aşgabatdaky BMG-niň binasynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri, blogerler we döwlet metbugat gulluklarynyň wekilleri üçin maýyplyk meselelerini BMG-niň Konwensiýasynyň ýörelgeleriniň esasynda beýan etmäge bagyşlanan okuw seminary geçirildi.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, BMG-niň Adam hukuklary boýunça edarasynyň Moldowadaky wekili Kseniýa Siminçuk öz ýurdunyň tejribesini mysal getirip, bu ugurdaky ähli başlangyçlaryň we maksatnamalaryň maýyplygy bolan adamlaryň gönüden-göni gatnaşmagynda işlenip taýýarlanylmalydygyny belledi. Onuň sözlerine görä, hut şol adamlar öz durmuş tejribesi we zerurlyklary babatda iň esasy bilermenlerdir.

Seminara gatnaşyjylara dogry adalgalary ulanmagyň diňe bir dil kadalaryna eýermek däldigi, eýsem her bir adamyň şahsy mertebesini we hukuk subýektliligini öňe çykarýan adam hukuklaryna esaslanýan çemeleşmäniň möhüm bölegidigi düşündirildi.

Ählumumy elýeterli aragatnaşyk boýunça geçirilen okuwda hünärmenler maýyplygy bolan adamlaryň maglumat islegleriniň aýratynlyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de olar bilen aragatnaşyk etikasynyň esasy ýörelgelerini seljerdiler.

Seminaryň amaly bölüminde onlaýn görnüşindäki «Janly kitap» görnüşinde çykyşlar guraldy. Şolaryň dowamynda ählumumy elýeterli bilim ulgamy boýunça maýyplygy bolan ýaşlar bilen iş alyp barýan taslamalaryň utgaşdyryjysy Wiktor Izbaş hem-de Moldowadan maýyplygy bolan adamlaryň hukuklaryny goraýjy işjeň jemgyýetçilik wekili Diana Žalbe şahsy tejribelerine esaslanyp, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maýyplygy bolan adamlaryň jemgyýetdäki keşbiniň emele gelmeginde nähili orna eýedigini gürrüň berdiler.

Maksatnamanyň jemleýji bölüminde bolsa ÝUNISEF-iň ruhy saglyk ulgamynda kommunikasiýa boýunça gollanmasy bilen tanyşdyryldy.