Turkmenportal logo
Düýn 15:51
49244924
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýedi ýaş agyr atletikaçy Kolumbiýada geçiriljek dünýä çempionatynda Türkmenistana wekilçilik eder

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň agyr atletika boýunça tälimçiler düzümi 5–11-nji iýul aralygynda Kolumbiýanyň Kali şäherinde geçiriljek dünýä birinjiligine gatnaşjak toparyň gutarnykly düzümini tassyklady.

Ýaryşa Türkmenistanyň adyndan ýedi türgen gatnaşar. Ýigitlerden Kerem Gurbandurdyýew we Atabek Azamatow (60 kilograma çenli agram derejesinde), Şahin Hudaýbergenow (65 kilograma çenli agram derejesinde) hem-de Dawut Kakageldiýew (79 kilograma çenli agram derejesinde) çykyş eder.

Gyzlaryň arasynda bolsa Şabnam Kerimbaýewa we Ogulşat Amanowa (53 kilograma çenli agram derejesinde), şeýle hem Gülzada Berdimuhammedowa (58 kilograma çenli agram derejesinde) medallar ugrunda bäsleşer.

2025-nji ýylda agyr atletika boýunça ýaşlaryň dünýä birinjiligi Peruda geçirilipdi. Şonda Türkmenistanyň ýygyndysy üç altyn, bir kümüş we üç bürünç medal gazanyp, jemi ýedi medala mynasyp bolupdy.