Lebap welaýatynyň gallaçy-kärendeçileriniň hem ak ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmekleriniň, yhlasly zähmetleriniň netijesinde 130 müň gektar ýerde bugdaýyň bol hasyly kemala getirildi. Welaýatyň Halaç we Çärjew etraplarynyň gallaçylarynyň 2026-njy ýyl üçin döwlete galla tabşyrmaklygyň meýilnamasyny artygy bilen amal edendiklerini, beýleki etraplaryň hem bu üstünlige ýakyn wagtlarda ýetjekdiklerini belläp geçmek buýsançlydyr. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Çärjew etrabynyň daýhanlary 16 müň 870 gektar ýerden meýilnamada bellenilen 50 müň tonna derek 51 müň 130 tonnadan gowrak, halaçly gallaçylar hem bugdaý ekilen 10 müň 934 meýdandan göz öňünde tutulan 26 müň 640 tonna derek 26 müň 712 tonna ak bugdaýyň hasylyny harmana tabşyrdylar. Etraplaryň aýry-aýry daýhan birleşikleriniň bu gazanylan üstünlikde aýratyn paýynyň bardygyny-da belläp geçmek bolar.
Gyzgalaňly möwsümde «Lebapobahyzmat» önümçilik birleşiginiň we onuň etraplardaky «Obahyzmat» önümçilik kärhanalarynyň hünärmenleriniň, kombaýnçylarynyň tutanýerli zähmeti netijesinde dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň önümleri bolan ýokary öndürijilikli, kuwwatly galla ýygnaýjy kombaýnlaryň 322-siniň netijeli işledilýär.